Durmuş küşdüň tagtasyna çalymdaş
Aýdylan her söze yrylsaň, uýsaň,
durmuş küşdüň tagtasyna çalymdaş,
adamlar bolsa çöpüne.
Biri pil göçümin edýär pilsiräp,
beýlekiler at göçümin eý görýär.
Emma küştde düzgün bar,
tertip bar kesgin,
ha pyýda, hala ruh, ha ösgün,
şol düzgüne, şol tertibe eýerýär.
Adam durmuşynda başgaça biraz,
bolsa-da ýazylan, ýazgysyz kada,
düzgünden sowulmak, sap atmak moda,
ýa kadadan çykma köp bolýar juda,
terslikden, peslikden doly bolýar ol,
utanmasaň, aşak gaýdybermeli,
hem ýykylan özün aklar birkemsiz,
ýa bahana tapar doldursaň çuwal,
emmaki aýdylan söze ynansaň,
durmuş küşdüň tagtasyna çalymdaş,
adamlar bolsa çöpüne,
utýarsyň kelläň bolsa,
ýöne hakykatda kellesiz utýar,
hemem beýle aň azabyn çekmeýär,
utulsa, galsa...