Gowulyk hem erbetlik
Gowulyk bilen gowy
bolan bolmak başga zat,
gowy gowyny goldamak,
gowa ýaranlyk gowy,
emma ýaran bolan bolup,
gowy bolup bolmaýar,
gowy galyp bolmaýar,
sebäp gowy bolmagyň
bahasy bar bermeli,
gaşyň çytman, göwünjeň,
gymmat düşýän kämahal,
gowy bilen hiç haçan
deň bolmaýar öwünjeň,
ýa-da öwdürýän pula,
ogurlanan milletden,
gowulygy goramak,
gutarmak kyn minnetden!