Surat

Negatiw we pozitiw

Negatiwi - "tersin" diýip, çöwürdim men türkmençä,
pozitiwi - "oňyn" diýip, öwürdim men türkmençä,
emma birden bir negatiw pikir geldi kelläme,
seň diliňde oňyn-tersin many bermese näme?

Orny çalşan bolsa näme ýalan bilen çyn sözüň,
çala çynyn aýtjaga çykararys diýip gözüň,
gorkuzylan bolsa näme, agzyn açmaz ýaly gaýdyp,
ak diýilýän bolsa näme gara ýüzne gara ýüzüň?..

Hem negatiw pozitiwiň alan bolsa ornun basyp,
a pozitiw gaçan bolsa, tapan ýerne egnin gysyp,
sen nireden oňyn boljak tersin bolan tersmillete,
eli gelse, ilki bilen, dynjak bolsa seni asyp?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024