Surat

Ýollar

Ýollar meniň ýoldaşym,
ýakasy dagly, düzli.
Bir ýagmyra, bir gara,
güneşe tutar ýüzmi.

Ýollar meniň syrdaşym,
paýlaşarlar pynhanym,
seçip-seçip giderin,
ýolboýy hany-manym.

Ýollar meniň ykbalym,
saýlap-seçip alanym;
daş dek salar özümden
her bagyşlan ýalanym.

Ýollar meniň ýorganym,
ýapynaryn üşesem,
ýanym, başym agyrsa,
düşek bolar düşesem.

Ýollar meniň ýoldaşym,
aňyrsyna ýetmerin;
Galar yzdan gelýäne,
çünki alyp gitmerin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019