Surat

Han aganyň ýadygärligine

Han aga, bagyşla, gözüňi ýolda
goýdum hemem başarmadym gelmegi;
gözden, sözden galdyň, emma
gapa garap, soňa goýduň ölmegi,
ahyr biri aldaýança ýumulmady gözleriň,
gygyrdylar onsoň: "Gözüň aýdyň, Han,
razy bol indi, gideniň geldi,
söwer gyzyň, Baýramgüliň dolandy!"
A gyzlaryň biri bagyrdy naçar:
"Kaka jan, bagyşla, kän garaşdyrdym,
ýolum uzak boldy, öňüm baglandy..."

Gürrüň berdiler soň, ýylgyryp geňsi,
göýä yrza bolup, ýumupsyň gözüň,
belki-de düşünip oýnalýan oýna;
ýa, ýaradan, ganym duşmanymy-da
munuň ýaly ýowuz synaga goýma!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024