Surat

Sen özüňe ynanmasaň

Sen özüňe ynanmasaň, kimmiş saňa ynanjak?
Sen özüňe guwanmasaň, kimmiş saňa guwanjak?
Sen özüňi götermeseň, galdyrmasaň ýeriňden,
sen özüňi goramasaň gorkaklaryň şerinden,
kimmiş seni ýol üstünde basylmakdan goratjak?
Öz yzyňda mal däl, pul däl, iş goýmasaň işe meňzeş,
kimmiş ýa-da nämemişin seniň adyň soratjak?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019