Surat

Tebigat beýik hudožnik diýýärler

Tebigat beýik hudožnik diýýärler,
diýýärler dag-deňzi döretdi, düzdi
bir hatarda, hana salyp duruzdy,
joşmaly, daşmaly wagtyny belläp.

Tebigat diýýärler beýik suratkeş,
gülleri her hili ýaratdy hemem
wagt berdi açylmaly, solmaly,
hem ýaşaýyş näme, bilmeli elläp.

Tebigat diýýärler beýik emelkeş,
ýaradýar adamy otdan hem suwdan,
ömür berýär, soňra edýär ölmeli,
hem diýdirýär gowy, bolsa-da herne,
göreniň kän zady gidenden gelmän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019