Surat

Ýük meselesi

Agyr ýüki egniňe göterdiňmi bir gezek,
aşjak bolduňmy menzil,
ýadap goýduňmy ýerde,
ýol başynda, ortada,
ýa-da göterjek bolduň,
synanyşdyň bolmanda,
tapawudy ýok asla,
bilersiň ýük götermäň nämedigin azajyk,
agram näme egniňden basyp, çökerip barýan,
gapdalyňdan çöwjeýän güjükler her obada,
näme alýan badyňy ýa-da ýolda maýyrýan,
agyr ýüki egniňe götermeseň bilmersiň,
has gönüsi zandyňda ýük götermek bolmasa,
ýük gürrüňin etseň-de kän agzyňda aş gatyklap,
eger-eger, hudaý kessin, ýük ýanyna gelmersiň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019