Özüňden başlamak
"To move the world, we must first move ourselves." Socrates
Özüňden başlamak kyn,
gozgamak kyn özüňi,
galdyrmak kyn ýeriňden,
gorkup dünýäň şerinden,
oturanyň aňsat ýaly,
aňsat ýaly ýatanyň,
hemem görmän hiç zady,
aňsat ýaly hemmesinden
ýuman iki gözüňi!
Özüňden başlamak kyn,
başga barmak çommaltmak,
akyl bermek aňsat örän,
ylga diýip gygyrmaly,
gelýän bolsa biri ýöräp,
gepleýäne dym diýmeli,
ýa dymana geple bir zat,
ýa içiňden ne pikir et,
çeker ony ýakyn hem ýat.
Özüňden başlamak kyn,
munuň üçin, belki, ozal,
görmelidir duran ýeriň,
giňden açyp gözüňi,
seretmelidir daşyňa,
hiç garaman ýaşyňa,
bolmaz beýle oturmak,
her gün turmaly ýeriňden,
kyn bolsa-da başlamak,
başlamazlyk gutarmak!