Surat

Hudaý seniň näme bilýäniň bilýär

Hudaý seniň näme bilýäniň bilýär,
bilýär näme bilmeýäniň diýýärler.

Hudaý seniň näme etjegiň bilýär,
nirä gitjegiň bilýär,
geljegiň bilýär nirden,
eglenjegiň bilýär nirde,
ýatjagyň ýa turjagyň,
ýagyşda, garda galjagyň,
aç boljagyň, hor boljagyň,
ýykyljagyň, galjagyň ýa,
urşup, hakyň aljagyň ýa,
näme etmejegiň bilýär,
sowuljagyň bilýär saga ýa sola,
ogurlyk etjegiň ýa-da dogrulyk
etjek bolup, duşman baryn gazanyp,
özüňe duşman boljagyň,
duşman boljagyň ýakyna,
ýaradan bar zady bilýär diýýärler,
ýöne onuň işi görmekmiş synap...

Hudaý seni görýär diýýärler gynap,
hem bilýär diýýärler näme diýýäniň
içiňden ýa daşyňdan,
näme oýlanýanyň bilýär diýýärler,
näme oýlanjagyň bilýär diýýärler,
hem agramňa görä basyp başyňdan,
ýokardan syn edip, iç-içe sygman:
"Nädäýdimkäm?" diýip, gülýär diýýärler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024