Petikdäki pikir
Pragada azaşyp,
köne garažlaryň petigne girip,
sakga durdum, tanyş ýere gelen deý.
Otuz ýyl ozalky 11-njimi,
"Žigulisin", "Moskwiçin"
demir betona gaban,
derwezesi ýumruk ýaly gulply,
Aşgabadym düşdi ýada;
’bagtly çagalykdan’, pagtadan sypyp,
gezen köçelerim - ýetilmez ada,
hemem hasrat bolup geldi aklyma,
gözümi ýumdum-da durdum birsellem,
a soň diýdim: "Taňrym, baglama ýolum,
munuň ýaly dar petikde saklama!?"