Surat

Ýakynyň dymmasy

"In the End, we will remember not the words of our enemies, but the silence of our friends." Martin Luther King, Jr.

Seň ýananyň bilen ýagtylmaz tümlük,
ýa-da garaýürek akýürek bolmaz,
barym diýip, berseň ömrüňi hatda,
nebsiň hapa çukurynda at çapýan
nadany birsellem düşürip atdan,
oýlanmaga mejbur etmersiň ýeke,
bu ýerde hiç tiräň tapawudy ýok,
ärsary ýa gökleň, ýomut ýa teke...

Eger gaty gitseň, top gurup hatar,
atarlar ok edip töhmetiň agryn;
ýöne ýaralamaz ýadyň sögünji,
ýakynyň dymmasy çüýreder bagryň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024