Surat

Dynç

O dünýeden bärde-de
dynç almaly kämahal,
tabyn bolup ýaltalyga,
işden çekilmeli yza,
iki eliňi galdyryp,
peýdasy ýok aglanyň,
ak günleriň aldyryp,
güneş tapsaň, serilmeli eşik deý,
deňiz tapsaň, zyňylmaly meşik deý,
emma adam muny başarmaýar kän,
biderek jan çekýär özüni iýip,
hemem gözi gidýär deňiz şirine,
tapçan tapsa ýatýan "hezil-aý" diýip...

San Fransisco, Washington, New York, 20-30.05.15.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024