Güýz belligi
Olar ilki iki bolup, üç bolup,
gybat eder biri hakda: Haýyn ol,
içalysy diýip üç-dört döwletiň,
soň bu gepi eltip berip ‘içala’,
geçen ýerne satar biri-birini,
ony oňa, muny muňa küşgürip,
jahan urşun turzar olar hyýalda,
eger töhmet işlerine ýarasa,
gora diýip özüň, ýaradan, Alla,
asaýmaly edip agaç tapylsa,
çem geleniň ilden sowadyp göwnün,
garym-gatym edip agy, garany,
bejermäge derek ýurdy, ýarany,
yzdan gelýän nesilleriň, jenserek,
ynamyn opuryp ýakyna, ýada,
ýol gözläniň golaýynda, daşynda
galmaz ýaly eder idili adam...