Manysyz gep
Eger ýalňyş otla münseň,
ters tarapa barýan bolsa,
ýa-da bolsa sürüjiniň
gulagy ker, gözleri kör,
bolsa bolsun arzan, ýumşak,
diýdi biri özüňden gör
nobatdaky duralgada
düşüp galman gitseň uzak,
gymmat düşer saňa şonça,
geçen ýoluň bolar duzak,
berlen ömrüň aýyn, günün,
her sagadyn goramasaň,
soramasaň öz-özüňden,
kime, nämä berýän wagtym,
nirä baryp, nirden gelýän,
ýa nämede görýän bagtym,
otly nirden çykjak ertir,
aýdan bolsa, diňlemeseň,
bu gep otly hakynda däl,
manysy ýok onuň mese.