Bahyl başagaýlygy
Başgalary, gowy, erbet,
gol uzadan biraz ýagşa,
ýat illerde entäp ýören,
ýa türmede ýatan gagşap,
belki, ady üçin uly,
garalamak isleýän kän,
ýaralamak isleýän kän,
isleýän kän görmezligi,
eşitmedik bolup sözün,
ýa seredip başga ýana,
gerek wagty açman gözün...
Başgalary, iki-ýeke,
hiç parhy ýok, ýomut, teke,
haky üçin açsa agzyn,
garalamak isleýän kän,
gulçulygyň edip wagzyn,
ýaralamak isleýän kän,
pursat arap, garap uzak,
öz-özüne bolup duzak,
eli ýetse, dili ýetse,
möçükdirjek kän düzüwi,
bolsa etjek ölmez hassa,
gowuy bolup il ýüzüne,
ýara salyp öz-özüne,
aç-hor edip ogul-gyzyn,
görkezmedik bolar bahyl,
agyrsa-da ganan dyzyn.