Hudaý meselesi
Hudaý seni ýeke goýmaz hiç haçan,
hiç bir halda taşlap gitmez iýjege,
gemirjege gara başyň dandaman,
gider ol öňüňden döşüni gerip,
ýa-da durar gapdalyňda bigüman,
ýa yzyňdan gelip garaba-gara,
ata-babaň ýaly, kyrkynjy arka,
gije, düýşde gelip halyňy soran,
ýüregiňde bolsa, çagyrsaň çyndan,
gyçak gaýa bolar arkaňda, goran,
sen nähili ýagdaýda bol, hiç haçan
ýeke duýma özüň diýdiler maňa,
diýdiler bil, hudaý seniň bilendir,
hem her gije alyp gider ak daňa.