Täze reallyk
Metjit ýokka ýurdumda,
kürsi alan içinde
kändi, meger, aç-açan
ogurlykdan saklanýan,
günortany gündiziň,
gije biraz çilse-de,
ýüzün tutup garaňka,
ýa-da kändi çekinýän,
döwletinden kesekiň,
gyran adam gaýgyrman,
GULAG edip dünýäni,
diňe gorkuzyp goýman...
Köpeldikçe metjitler,
wezipeli talaňçy,
hajy bolýan köpeldi,
hem köpeldi talanýan,
kän aldanýan ýyl-ýyldan,
hyryn-dykyn türmeler,
ýetim çaga, dul aýal,
öý-ojagy ýykylýan,
ogly-gyzy okuwsyz,
işsiz galýan köpeldi,
urup, urlup aglaýan,
ýol baglaýan köpeldi,
ezilen bir ýurtda däl,
ýat ilde-de köp öldi.