Altyn derweze açyk
Altyn derweze açyk,
altyn niýetli adama,
ýok ony ýapjak, togtatjak,
ýapan ýaly bolsa-da,
altyn derweze ýoluna
altyn niýete yrylma,
hem ýorulman gitmek möhüm,
göwün ýykmak möhüm däl,
özüňki ýa başgaňky,
gurulany görseň, guwanýaň, boýuň
ösen ýaly bolýar göwnüň deňine,
şondan Magtymguly diýipdir meger,
"Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr",
käşgä adam gursun ömür boýuna,
hemem kimse ýumurmasyn,
adam bolan ýaman ýanynda galman,
gurýanyň ýanynda dursun!
San Fransisco, Washington, New York, 21-30.05.15.