Surat

Kök oýlanmasy

Kök bolup damar-damar,
ýerde ýatmak gowumy ýa
hellewläp durmak ýokarda,
şelpe-şelpe ýaprak bolup,
şaha bolup owadan,
guşlara öwdürip özüň,
saýa söýen, jagyl-jugul,
hem pitjiň atmak köküňe,
bilmän nirden geleniň;
ýerde ýadanyň gowumy,
ýa ýokarda gülki bolup,
ýele galgap öleniň?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019