Surat

Rokwiliň keýikleri

Rokwiliň keýikleri tokaýdan
çykyp gelip, öwrenýän deý adamy,
aralygy saklap, üşerýär sese,
ýakyn barsaň, assa basyp ädimiň,
gulaklary sorag bilen keýerýär,
"Netiň näme?" - diýjek ýaly gürlese.

"Wah, suratjyk aljak, gelseň golaýa",-
siňe bakýaň siňe bakýan gözlere.
Rokwiliň keýikleri sada däl,
adam ýaly aldanmaýar sözlere,
hemem olar halamaýar gomparyp,
surata düşmegi ýasama durup...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019