Surat

Ýüregiňi goramaly

“In my heart of hearts, I am deeply miserable.” Jonathan Franzen

Ýüregiňi goramaly gaýgydan,
gamy bilen hasratyndan dünýäniň,
ýüzüňe uran ýatlary ýagşy niýetiň üçin,
hemem dyman ýakyny çykanyňda goragna,
ganyňy duruzýarkaň çäge sepip ýaraňa,
ýatlamajak bolmaly,
unutjak bolmaly baky,
ownuk daş deý ýoldaky...

Ýüregiňi goramaly şatlykdan,
keýpi bilen mesliginden dünýäniň,
gyzmaly däl soňy gelmez boşluga,
öz işiňi etmeli,
hemem seni dünýä beren
il aňyna gitmeli!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019