Surat

Kenarda durup...

Kenarda durup ummana
göz ýetirip bilmersiň,
bilmersiň aň ýetirip,
içine girmäge bolsa,
gaýrat gerek gutarmaz,
kenarda durup öwretmek
aňsat kürek urmagy,
tolkunlar esrän iner deý
patanaklap gelende,
suwa girmän öwrenen ýok
garşysynda durmagy...

Kenarda durup ummana
göz ýetirip bilmersiň,
söz ýetirip bilmersiň,
ýetiren ýalam bolsaň,
gygyranyň galar diňe,
daşyndan bildirmez darkaş,
aňlamarsyň darkaşa
girenleriň halyny,
aňyrsy görünmeýän
bela bilen döş gerýän,
söweşe girmän ýeňmersiň,
baksaň öňüňe siňe!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024