Surat

Altyn derweze köprüsiniň üstündäki oýlanma

Bizde iller basmaçy, baý-garyba bölünip,
bolşewik-menşewik oýny gidýärkä,
maly, mülki bolan bolýarka duşman,
gyrylýarka iliň güli-gunçasy,
munda bolmajagy bolduryp adam,
Altyn derweze köprüsin,
ýüz ýyl soňam haýran etjek ynsany,
ägirtlige tarap ýoly gurýardy,
bizde bolsa men-menligiň ýörişi,
mertlik ýerne gedemlik
aýak diräp durýardy,
meger inkär çukurna
gaçmak aňsat, çykmak kyn,
gurýan diýip ýykmagyň
gelmeýär ardy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024