Surat

Güller bir-birini gaýtalamaýar

Güller bir-birini gaýtalamaýar,
olar bir-birinden şeýle üýtgeşik,
gözüňden girýär-de, siňýär ýürege,
hemem olar bir-biriniň dowamy,
hersi bir gez, bir garyş ýa bir sere
gözellige tarap çekýär, getirýär,
güller bir-birini gaýtalamaýar,
olar bir-biriniň üstün ýetirýär!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019