Adam eli
"Adam eli gyzyl gül",
özi gögeren agajy
palta alyp, gaýgyrman,
bir ujundan çapmasa,
ýakmasa ýylynjak bolup,
gara gyşdan basylyp,
"Gerek deregi ýykar" -
bolmasa bar bileni,
gorasa gorap bilenin,
aýasa bar zady ozal,
soň ýol gursa, ýoda çekse
al-asmana gol bulan
agaçlaryň astyndan,
"Adam eli gyzyl gül",
gyzyl gülden asgyn men!