Günäkär duýma özüňi
Günäkär duýma özüňi, her günäli gyzanynda,
Näme edilmeýär munda, ýa-da diýilmeýär näme?
Öz-özüňi pida duýma, goýma pida gazanynda,
Däli deňze aw bolarsyň, gaçyp atsaň döwük gämä.
Goranjak bolma jan-jedel, çöwjeýänden gorkup hergiz,
Aklama özüňi asla başyndan gum sowurýana,
Ajygan däl, alňasanlar, aýdylan-a, gidýärler ir,
Dur-da seret töwerege, näme bolýar, ine-gana.
Dogry, görmek müşgül özüň, aýna bakyp dara-dire,
Çünki içden seretmeli, daşardan däl, akyl bilen.
Öz-özüňi öwrenjek bol, düşünjek bol özgelere,
Aldanma, aldatjak bolma lenji çykan nakyl bilen.
Baryny beren uýalmaz, alanam uýalmaz, bilseň,
Gara başyň urma daşa, çünki daş kän, kelle ýeke,
Eger gidip, ýüz ýyldan soň, pursat bolsa, yza gelseň,
Şo durşudyr, üýtgemez kän, ärsary ýa ýomut-teke...