Akylly adama söz zaýalama
Akylly adama, ýetjek ýerime
ýetiberdim diýýän, özünden yrza,
ýa-da has akylly saýýana özün
söz zaýalama,
ýylgyr özi süýji ýylgyrýan bolsa,
göwniýetmezlik bilen,
ýa çytylsa wajypsyrap,
çytylan bolaý,
emma ýüregiňe alma
has akylly geplerini,
çenden-çakdan artyk bolsa,
hem bişmese gazanyňda,
öz-özünden tapar adam
has akylly azanynda...