Surat

Öz-özüňi ýigrenme

Öz-özüň ýigrenip başlasaň eger,
ýigrenip başlasaň edýän işiňi,
köňül beren kesbi-käriň,
her üýren güjüge başyň galdyrsaň,
her kesek atana baksaň gaňrylyp,
ýeňildigiňdir,
boýun aldygyňdyr ejiziň güýjin,
ejiz geleniň ejizden;
öz-özüňi ýigrenme,
geçme ýanna ýalanyň,
ýa ýigrenme işiňi,
bilýän bolsaň mamladygyň,
her näçe agyram bolsa,
göterjek bol ýüküňi,
gys-da döwlen dişiňi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019