Ezilýänler azalýarmy, köpelýär?
Adam terje miwe iýse her günde,
hem çeşme suwundan demlense çaýyn,
elin bolsa kofesi,
süýt-gatygy täzeje,
owadan jaýynda ýatsa hem tursa,
gyşda ýyly, tomus salkyn otagy,
arrassa, bag-bakja bolsa töwerek,
guşlar aýdym aýdyp, ýaryşsa irden,
akja köýnek geýip, gowy maşynda
aýdym ýa saz diňläp gitse işine,
döwük-ýenjik düwnügi ýok ýollardan,
gowy, elbetde,
emma şol terje miwäniň,
ýa arassa suwuň, elin kofäniň,
süýt-gatygyň täzeje,
hem belent jaýlaryň sowaýan, gyzýan,
maşynlaryň ýyldan-ýyla owadan,
ýa ýollaryň, bejerilýän her ýylda,
ýa-da akja köýnegiň
arkasynda kimler dur,
kim edýär gara işi,
gan-gabarçak elleri ýa ýüregi,
kim näme gazanýar eşretden uly,
kim çagasyn näme bilen ekleýär,
ýa-da kim nämeden gazanýar puly,
aýak üste durjak bolup ýykylman,
ezilýänler azalýarmy, köpelýär,
işçi-daýhan az ölýärmi, köp ölýär,
çala pikir etseň, aýlanýar başyň,
göz öňüňe gelýär bütin ömrüne
çöregiň yzyndan ylgaýan adam,
awy bolýar iýen aşyň...