Surat

Iň uly ussat

Talantyň bolsa-bolmasa,
iň uly ussat tebigat,
hasam ülje güllände,
çyk içerden, daşaryk git,
çüm içine dikbaşşak,
sebäp ol aklygyn gözüňe guýup,
saraýar içiňden gany durmaýan,
ýaralarňy ýumşak ak sargy bilen,
garalan göwnüňi ýuwýar,
uzaga çeken gyş, gara-guruma
çümen pikirlerňi saplaýar biraz,
aklyň bolsa-bolmasa,
şuny ykrar et,
iň uly ussat tebigat!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019