Surat

Içdäki gorky

Gorkýan kitap dükanyna girmekden,
sebäp ömür gysga, a gowy kitap
hatar-hatar ýaly, wagtyň bolmasa,
has beteri - kitap ýükli tekjeler
ýada salar öz iliňde
gurulmadyk dükany,
ýüregiň agyrar agşam,
göriplik däl, kemsinme
demligiňden ýapyşar,
gorkýan kitap dükanyna girmekden,
sebäp okamakda ýok ýaly many...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024