Surat

Duran adam

Kim ylgap gazanýar nanyn,
kim tans edýär dili bilen,
a kimse durup gazanýar,
boýun bezäp eli bilen.

Dur ol şäher ortasynda,
öz ýanyndan oýa batyp,
kimse geçip gidýär görmän,
kim säginýär köpük atyp...

Iň esasy, azary ýok,
ýylgyrýar ýaz ýaly käte;
her kim şeýdip işin tapsa,
pitjiň atman ýakyn, ýada...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024