Surat

Biziň ilde sary güli söýmezler

Biziň ilde sary güli söýmezler,
çünki aýralyk sarydyr,
gözleriň ýagyny iýen,
saralyp-solar ýapraklar,
şahasyndan tänmezden öň...

Emma gülde näme günä,
ol açylar ýaz gelse;
guwan adam, açyl gül-gül,
güller ýüzüňe gülse!

Çünki olar sary ýa ak,
ýa mämişi, gyrmyzy ýa,
adam bolsaň, ýüregiňe
gözel-gözel duýgy salýa!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019