Alma güllände...
Ilki ülje gülledi,
alça gülledi soňra,
indi bolsa armyt, alma
ak güllere bürendi,
aşagynda oturyp,
gök çaý süzüp,
hiç turasyň gelmeýär.
Hem içiňden agy gelýär diňmejek,
çünki baglar 17 ýyl (seň üçin)
diňe daşda, ýat toprakda gülleýär...