Surat

Aklar we gyzyllar goşgusy

Ogry-jümriň öňünde,
ýa ýalançy-kezzabyň,
parahoryň, pursat arap ejizi,
gan-derine gark eden,
gara göwün emeldaryň öňünde,
ýa şol emeldara ýapja,
mahluklar sürüsine
özüni aklarmy adam,
ynandyrjak bolarmy
"ak men" diýip, "päk men" diýip,
ýa-da diýip "netim gowy",
paralarmy bagryny,
ýöne adam käte gaşap,
beter edýär ýarasyny,
açyp ýürek ýagryny,
diýýär "men eýle däl, beýle",
hemem bilmän ak ertirin
boşa harjap, edýär öýle...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019