55-iň oýlanmasy
Käte ömrüň otuz üç ýyl ýazyny
ýele beren ýaly duýýaryn özüm,
görülmejek diwarlara hat ýazyp;
käte ömrüň otuz üç ýyl gyşyny
ýele beren ýaly duýýaryn özüm,
ýylynmajak üçin gyzyp;
käte omrüň otuz üç ýyl güýzüni
ýele beren ýaly duýýaryn özüm,
nur agtaryp açmajaga gözüni,
käte ömrüň otuz üç ýyl tomsuny
ýele beren ýaly duýýaryn özüm,
bilmejege tekrar aýdyp sözümi...