Adam bolmak kynçylygy

"No one can be authentically human while he prevents others from being so." Paulo Freire

Sen neneňsi adam borsuň,
ýoluma germelip meniň;
özüň ýaly etjek bolýaňmy şeýdip,
walla, çykmaýmasa çeniň.

Sen neneňsi ynsan borsuň,
enäni oglundan aýryp,
atany aýryp gyzyndan,
ölüm ýassygynda ýatan
perişdäni agladyp,
nädip bagtyýar bolarsyň,
ýa-da berkarar uzak?
Ýöne borsuň birsellem,
dogan iliňe duzak!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019