Adamlar ynansa

Adamlar ynansa iň samsyk söze,
hemem nirde ýüzi galyň haýýara,
akyl gözlemek, sözlemek
samsyklyk bolmasyn soňky,
diňe aýak tapyrdadýan bir nadan
ýüz müňi, milýony gorkuzýan bolsa,
ýatyrýan bolsa ýapyryp,
dogry bolmasyn şoňky?
Adamlar yrylsa iň akmak gepe,
ýa-da akyl ýetirmese
iň ýönekeý hakykata,
akyl agtarýanlar akmakdan akmak
bolmazmy eýsem?
Bu bir sorag öňden gelýän,
ýene sorag boljak ýaly,
her näme diýseň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019