Akylly bilen tentek
Jaý ýanýardy, köp gatly jaý, içinde
çaga-çuga, garry-gurty, köp adam
gapyllykda çykyp bilmän galypdy,
çykanlar jaň edip, ýangyn söndürýän
geler diýip, garaşýardy gyrada,
emma biri, durup bilmän, janserek,
ezilen keçäni büräp başyna,
ylgady yzyna dara-direde,
duranlaryň biri başyn ýaýkady:
"Beýle tentek barka ýene nirede?"