Ýat iller
Ýat illerde turist bolsaň hezillik,
sereden bolmaly, synlan bolmaly,
aýlanan bolmaly saga hem sola,
suratjyk almaly, täsin görünse,
a soň watan sary düşmeli ýola!
Emma ýat illerde galsaň näbelli,
soňy gelmez, uzak-uzak ýyllara,
jaýlara däl, seredersiň asmana,
gözüň düşer gündiz süýnen ýyldyza,
ýa-da bulutlara, baky sergezdan,
ýat illerde turist bolsaň hezildir,
emma uzak galsaň, bolar ol zyndan...