Gutarylmadyk eser
Gutarmadyk eseriňi,
ýa-da gutarmaga güýjüň ýetmedik,
deňziň kenarynda, gelim-gidimli,
gözel bir künjekde goýsalar şeýdip,
senem uzak ýaşap, gojalsaň örän,
ýöne ýöräp bilseň, çala-da bolsa,
wagtal-wagtal, hasajygňa soýenip,
baryp gutarmadyk eseriň görseň,
hem kenardan gaýtsaň, ýylgyryp içden,
kim bar munda galjak bakyýa göçden?