• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Durmuş

Oýlanmaga wagt goýmaýar durmuş,
maý bermeýär pikir edip durmaga,
gitmeli, ylgamaly, ýetmeli yzyndan çapyp,
diňlemeli habarlary sypdyrman,
biri-birisinden möhüm,
söhbetleri diňlemeli, çyn bilseň,
kitaplary okamaly, çuň bilseň,
bilmeli näme bolýar,
aňlajak bolmaly käte aýdylmaýan zatlary,
görjek bolmaly ýandan
näme bolýar ol ujunda zeminiň,
ýa-ha çala görüp, ýa görmän asla,
ullakan suraty görenden bolup,
aldamaly däl özüň.

Oýlanmaga wagt goýmaýar durmuş,
maý bermeýär ýedi ölçäp,
ýeke gezek kesmäge,
gyssaýar, iterýär ýeňseden öňe,
sebäp dursaň hemem seretseň siňe,
seniň ony birden, adamçylyk bu,
tanamagyň mümkin, aňmagyň mümkin,
hemem başga pikir etmegiň mümkin,
hem gitmegiň mümkin onuň
garaşmaýan ýolundan,
ýa barjak bolmagyň mümkin
islemeýän ýerine,
meger, şondan iş-aladaň köpeldip,
barha basmarlaýar, basýar ýaşaýyş,
oýlanmawer diýip, edýän deý haýyş...

  • 03.01.2015
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Isleseň gül, isle agla 22.02.2019
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019