Surat

Durmuşyň derdi

Bu durmuş diňe dikelip,
durjak bolany depmeýär,
egileni, epileni, el çarpanam entedýär,
entetmeýän ýalam bolsa,
sen olaryň gülýän gözüne bakma,
ýylgyrýan ýüzüne bakma,
bakma baýdakly eline,
ýatanda-da galgaýan,
bak ýüregne aglaýan!

Bu durmuş diňe dikelip,
durjak bolany epmeýär,
depilmänkä epileni
ýykylany öz-özünden
içikdirip depýär ol,
basalap heziller edýär üstünden,
hem diýdirýär "epilmedik bolsadym,
bolmanda dursadym dikleriň ýanda,
ýykylanlaň arasyna sümülmän..."

Bu durmuş diňe dikelip,
öz aýagnyň üstünde
durjak bolany depmeýär,
ýa depmeýär diňe dik duran merdi
ýykylyp ýatanam depýär,
depmek oň derdi!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019