Baý pula ynanýar, garyp hudaýa...
Baý pula ynanýar,
garyp hudaýa,
ýöne garyp garyplykdan saýlansa,
öňküsi deý haky ýatlap durmaýar,
hem sygynýar oňa diňe
köne endik boýunça,
kiçi dilden bärde ýa-da,
gözüne ýaş aýlaman,
sebäp onuň hudaýynyň ornuny
pul bilen mal alýar,
boş orun goýman...