Yrza bolup gidilmeýär
Kakam Bäşim Annagurbana
Yrza bolup gidilmeýär jahandan,
emma neden ’yrzadyryn’ diýýärler?
Yrzalaşýar ata-ogul, ene-gyz,
’Görmesek, yrza bol’ diýýär ýakynlar,
ýa-da ýatlar, eziz bolan ýakyndan,
barmy munda ar medalyn dakynman,
ýa-da giden ýaralanman bahyldan,
hem dowzahdan ozal namartdan ýanman?
Emma ’yrzadyryn’ diýýär atalar,
a eneler girýan ojak başynda,
ogluna, gyzyna garaşyp her gün,
adam ’yrzadyryn’ diýse-de näçe,
yrza bolup bolmaz aýralyk çekip,
yrza ölüp bolmaz ýola göz dikip.
Herhal adam yrzalaşýar, hoşlaşýar,
’yrza bolaweri – diýýär – görmesek’,
yrza bolup gidilmeýär Watandan,
yrza bolup içmez hiç kim gargyşy,
yrza bolup iýmez hiç kim daş, kesek...
13.12.2014. Rockville, Maryland