Gowulyk
Gowulyk ýa gowy bolmak hakyky
her kimiň özüne gerek ozaly,
başgalara soň gerek,
gowy bolan bolup ili
aldap bolar, elbetde,
emma özüň aldamarsyň, bilersiň
nirede nämäni edeniň galat,
ýa çigligiň, kelle berilen bolsa,
ýöne kelläň bolup, ýürek bolmasa,
ýa gaýrat bolmasa bolmaly ýerde,
galadyňy örtüp, gykylyk edip,
ýapdyrjak bolarsyň egniňe halat,
ýöne bilseň, gowy bolmak hakyky,
iň ullakan baýlyk her kime ilki,
gowy bolman beg bolup,
dünýe malyny toplap,
ýa-da depesine çykyp aglagyň,
bagtly bolup bolmaýar,
bolýar özüňi ýoklap...