Begen adam adam bolsa...
“Damned if you do it, and damned if you don't.”
Bu ilde-de bar zat eken,
bizde däl eken diňe,
iş etjek bol, ýa-da bolma,
parhy ýok eken siňe,
içgin baksaň durmuşa,
ol göreşmiş, ýöne karam,
jyzar ejiz hem güýçli,
ýeň ýa ýykyl, gargar kümsük,
ýa içi öçmez öçli,
sen seretme, diňleme hiç
bat berýäni sesine,
begen adam adam bolsa,
hiç gynanma pesine!