1991-nji ýylyň goşgusy
Bir bigünä, arzuw garran gözünde,
urlan keýik kysmy türkmen düzünde,
men ýalňyz galyp men ýeriň ýüzünde.
Ýollaryň başyndan ýol diýip çökdüm,
üýşenmedim, düýpsüz ummana bökdüm,
daşa gitdim diýip razydym, kökdüm.
Otuz birde bilip özümi, gör, kim,
maňlaýmy ýardyryp düýbünde gorpuň,
diýjegim: il-ulus, boşlukdan gorkuň!