"Kakaň agyr" diýen habar gelende ýazylan goşgy

Sen ejiziň özi ýaly bolmarsyň,
sen egsigiň deňne bilmersiň düşüp,
goý, näme etsinler, näme diýsinler,
hatda ejeň gitsin ýüregin tutup,
ataň aýakýoldan galsyn, ýykylsyn,
habar gelsin yzyňdan, ýetiş diýip demine,
ýoluň däl, ýodaň-da baglangy bolsun,
özüň aklamaga bolsun müň sebäp,
(heý adam alarmy bu ary egne?)
sen namardyň deňne düşüp bilmersiň,
namart ýaly ar almarsyň, urmarsyň
ýeňsesinden diňe il diýeniň däl,
hatda il ezeniň, hemem il adyn
owadan don edip egne geýeniň;
sen ejiziň özi ýaly bolmarsyň,
eger bolsaň, haram bolsun iýeniň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024